HabarlarSlider

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

Bilim

14-05-2025 / 6

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Urumçi şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.

Habarda bellenilişine görä, 12-nji maýda geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça bilim ministrleriniň duşuşygynyň mehanizminiň Tertipnamasy hem-de «Urumçi jarnamasy» kabul edildi. Bu resminamalar hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki esaslaryny we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu