HabarlarSlider

Gahryman Arkadagymyz «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň muzeýindäki sergi bilen tanyşdy

Aşgabat

10-05-2025 / 137

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Aşgabadyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Milletiň ogullary», «Ruhy tagzym» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine tagzym etdi. Soňra Gahryman Arkadag we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşulular hem-de tylda zähmet çeken eneler «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlary hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken merdana weteranlar bilen hal-ahwal soraşdy hem-de olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady.

Gül goýmak çäresiniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu ýerdäki muzeýe bardy hem-de 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde wepat bolan türkmenistanlylaryň edermenliklerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu