HabarlarSlider

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony Moskwadaky dabaraly harby ýörişe gatnaşdy

Moskwa

10-05-2025 / 7

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Gyzyl meýdanda guralan dabaraly harby ýörişde münberleriň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup geçdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem bar.

Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmen esgerleriniň edermenligi Watana söýginiň we borja wepalylygyň hakyky nusgasy bolup durýar. Uruşdan gaýdyp gelmedik hem-de öýlerine Ýeňiş bilen dolanyp gelenleriň atlary köp tomluk «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplara girizildi.

Şol ýyllarda türkmenistanlylaryň 104-si “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp boldy, 19 frontçy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu