HabarlarSlider

Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy

BMG

02-05-2025 / 12

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi.

Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Agzalan Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Bu waka Arkadag şäherinde geçirilen halkara maslahatyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezip, Bitarap Türkmenistanyň çagalaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän syýasatynyň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Munuň özi forumyň dowamynda garalan meseleleriň örän wajypdygyna hem güwä geçýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibindäki degişli ugurlar-da “Parahatçylyk medeniýeti”; “Durmuş taýdan ösüş”; “Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goramak”; “Çagalary goldamak we olaryň hukuklaryny goramak” mowzuklaryna bagyşlanýar.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu