
Düýn Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanylandygyny hem-de häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň köpüsinde german önümçiliginiň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny belledi. Şunda bu ugurda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem söhbetdeşlikde bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlaryndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge hemişe uly gyzyklanmanyň bolandygy bellenildi we ýurduň Gýote instituty, Akademiki alyşmalar boýunça nemes akademiki gullugynyň (DAAD), Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary (PASCH) hem-de Akademiki alyşmalar boýunça pedagogik gullugyň (PAD) maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy beýan edildi.
«Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2018–2019-njy ýyllarda Germaniýada «Margiananyň» bürünç asyra degişli gadymy gymmatlyklarynyň arheologik sergisi üstünlikli geçirildi» diýip Gahryman Arkadag aýtdy we şeýle serginiň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini teklip etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.