HabarlarSlider

Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy açyldy

Arkadag şäheri

28-04-2025 / 90

Şu gün Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady.

Bu çärä YHG-nyň agza döwletleriniň, halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, ýurduň degişli ministrlikleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksady Durnukly ösüş maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat.

Foruma gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşarlar we ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp düzerler.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu