HabarlarSlider

Haýyr-sahawat işleri dabaralanýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

17-04-2025 / 134

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparynyň dowamynda welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, Köpugurly hassahanasynda hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek we olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çeper döredijilige, aýdym-saz sungatyna höwesek çagalara gaznanyň adyndan sowgatlary gowşurdy. Şatlygynyň çägi bolmadyk çagalar döwlet tarapyndan edilýän tagallalar we berilýän kömek-goldawlar üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu