HabarlarSlider

Täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistan

14-04-2025 / 174

«Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymynyň alynmagy hem şanly ýylyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmeleriniň birine öwrüldi. Munuň özi tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunda durýan Türkmenistanyň halkara giňişlikde kuwwatly energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny tassyklaýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär. “Galkynyş” gaz käniniň 285 belgili ulanyş guýusynda degişli çuňluklardan tebigy gazyň akymynyň alnyp başlanmagy-da pudagyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen strategiýanyň aýdyň netijesidir. Bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr çykymy bolan guýynyň önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu