
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Brifingiň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň işiniň netijeleri ara alyp maslahatlaşyldy.