
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde gaznanyň wise-prezidenti, ilki bilen, Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy.