HabarlarSlider

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Daşkent

08-04-2025 / 37
Düýn Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine baran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi.
Bilelikdäki duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyň, ylalaşygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwrülendigi bellenildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň we dürli derejedäki beýleki duşuşyklaryň, çäreleriň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýändigi nygtaldy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu