
Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni maksatly çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirilýär. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi.
TURKMENgazet