
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumyna gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Ähli ugurlarda alnyp barylýan işleriň takyk düzülen meýilnama esasynda ýerine ýetirilmelidigini we olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz her bir ýolbaşçynyň gözegçilik edýän düzümlerinde amala aşyrylýan taslamalaryň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda halkara derejeli giň möçberli maslahatlaryň geçiriljekdigini nazara alyp, degişli tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ýol-ulag düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Milli Liderimiziň awtoulagy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň germewleriniň we halkara ähmiýetli desganyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşlerini öz içine alýan şekil taslamalary görkezildi. Ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek köpriniň gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda ähmiýeti bolan bu desganyň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze desganyň kuwwatyna wajyp ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady. Köpri berkligi we uzak möhletleýinligi babatda agyr ýükli awtoulaglary geçirmäge ukyply bolmalydyr. Munuň üçin bolsa gurluşykda ulanylýan serişdeleriň, olaryň hiliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir.
TURKMENgazet