
Baýlygyň bil älem içre barlygyň,
Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa!
Darykdym men bilip dünýäň darlygyn
Dünýede dünýe deý giň bolup ýaşa!
Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň,
Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň.
Eýer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň,
Oguz handan gaýdan ýol bolup ýaşa!
Gurt oglusyň! — Azmy, duşmany gurduň?
Borjuň näme? — Ony ynsabyň buýrsun!
Eýesi sen tozap ýatan şu ýurduň,
Deňiz, derýa bolup, köl bolup ýaşa!
Haýsy alla bilsin haýsy asyrdan
Daş ýaryp, kök urup gaýdan asyllaň.
Seniň aslyň aňyrdandyr aňyrdan,
Eýýamda eýýama sal bolup ýaşa!
Kä düzlere düşdük, käte derbende,
Kä ýük düşer, käte kement gerdenňe.
Ejizleme, duşmanyňa per berme,
Köpelip, köçelip, köl bolup ýaşa!
Çopan dälsiň, dälsiň asla padadan,
Mertden mertsiň, danasyň sen danadan.
Bihal bolan däldir ata-babalaň,
Sen halsyz zamana hal bolup ýaşa!
Oda atsalar çakgyn mele nan bolup,
Suwa atsalar çykgyn Kesterhan bolup
Ýygna il-ulsuňy desterhan bolup
Daşdan garyp, içden han bolup ýaşa!
Türkmenistan – arşa galdy abraýyň,
At-owazaň dolup jümle-jahana!
Gudratyňa ýedi yklymy bagladyň,
Uçmah ýurduň öwrüp baky bahara!
Türkmen, seniň haçan gören mertebäň,
Türkmen, seniň haçan gören derejäň?
Söz sözleýär Serdarlaryň Serweri
Mertebeli münberinden BMG-äň!
Söz sözleýär haýran edip Ýer şaryn,
Söz sözleýär
bary-ýogy dört ýylda
Diýarymy dünýäň beýik ýurduna,
Ajaýyp ýurduna öwren Serdarym!
Diýarymda beýik Galkynyş barýar —
Her gadamy ýeňiş,
üstünlik,
açyş,
Dana Liderimiň permany bile
Ilim sile dönüp döredýär, gurýar!
Her bir jaýy – köşk-saraýdan zyýada,
Her binasy – dilimiziň senasy,
Her zawody,
her fabrigi,
desgasy –
Halkymyzyň Bakylygnyň dessany!
Türkmenistan günbe-günden beýgelýär,
Her ymarat Bakylykdyr Diýara,
Her binasy Gelejege heýkeldir!
Ýurdumda ajaýyp Galkynyş barýar –
Her ädimi ýeňiş,
üstünlik,
açyş,
Dana Serdarymyň Paýhasy bilen
Pajarlaýar uçmah ýaly ýaşaýyş!
Rysgal-döwlet ýagýar arşdan hem kürsden,
Nebit-gazyň çogýar sähradan-düzden,
Haçan beýle bagty gördüň sen, türkmen!
Mukaddes Watanym,
Uçmah Diýarym,
Sen bakysyň,
beýik halkym bakydyr!
Ýurdum, seniň barlygyňda
bardyrys,
Sen beýikmi?
Diýmek, beýikdiris biz,
Diýarym, sen baýmy?
Diýmek, baýdyrys!
Türkmenim, ýurduňda Galkynyş barýar!
Galkynyň!
Gudratyn görkezip beýik halkymyň!
Galkynyň!
Umman bolup çüwen çagy bagtymyz!
Galkynyň!
Hasyl bolýan çagy beýik arzuwyň,
Galkynyň,
galkynyň,
iller galkynyň
Dünýä ýaýyp Galkynyşyň Aýdymyn!
Ýurdumda ajaýyp Galkynyş barýar,
Beýik Ösüş barýar,
Özgeriş barýar.
Arkadagyň arkasynda jem bolup,
Serdar bilen bir janu-bir ten bolup
Türkmen dünýä gudrat görkezip barýar!!!