HabarlarSlider

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar ilerledilýär

«Ýyldyz» myhmanhanasy

28-03-2025 / 120

Mälim bolşy ýaly, düýn Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de Samarkant şäherinde geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän sanly, energetika we ekologiýa özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere hem üns çekildi. Şeýle hem duşuşygyň ahyrynda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki beýanaty kabul edildi.

ÝB bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň hereket edýän taslamalaryň, maksatnamalaryň, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogynyň, adam hukuklary boýunça dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär.

Leýli ABDYÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu