
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk ýagdaýy we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Gaznanyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşik bilen bagly meselelere hem garaldy.
Çagalaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalar, ilki bilen, Watanymyzyň geljekki ykbaly, onuň mynasyp hem-de nurana ertiri üçin döwlet Baştutanymyzyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň belent jogapkärçiliginden gelip çykýar. Milli Liderimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, ýaş nesil hakyndaky alada, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak üçin başlangyç şertleri döretmek häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny, onuň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygyny kesgitleýär.
Mähriban Arkadagymyzyň adalatly belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda ýetim, ýa-da hossarsyz çaga ýokdyr, her bir çaganyň arkasynda döwlet dur, döwlet Baştutany Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur, halkyna hemişe hossar bolan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz dur.
Ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşi hem döredildi. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda il-sylagly ýaşulularymyzyň bitirýän işleriniň has uludygyny elmydama belleýär. Ýaşulular Geňeşiniň agzalary ene-atasynyň hossarlygyndan galan we çagalar öýünde terbiýelenýän çagalara mynasyp atlary dakmak bilen bagly soraglara Geňeşiň mejlislerinde yzygiderli seredýär. Ynsanperwer we döwletli tagallalaryň çäklerinde häzirki döwre çenli geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyz boýunça köp sanly çagalar Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýärler.
Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladany bir pursatlyk hem ünsden düşürmeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli döwletli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Gunça GARÝAGDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.