Sport

Ýaş türgenleriň yhlasy

10-03-2025 / 30

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga türkmen ýaşlary işjeňlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi boýunça 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Daşoguz welaýatynyň birnjiligi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Daşoguz şäherinden, Şabat, Boldumsaz etraplaryndan türgenler gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen ýaryşda Şabat etrabynyň türgenleri şowly çykyş etdiler. Olardan 40 kg agramda Elnur Setakow 1-nji, 50 kg agramda Jawahir Anwarow we 60 kg agramda Ikram Rahimow 3-nji orna mynasyp boldular. Geçirilen bu ýaryş okuwçy-türgenleriň sport derejelerini we sportda gazanýan üstünliklerini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Ýaş türgenlere tejribeli tälimçi-mugallym Barkamal Ýuldaşow türgenleşik sapaklaryny geçýär. Onuň türgenleriniň halkara derejeli ýaryşlarda, welaýatlaryň etraplaryň we şäher derejesinde geçirilýän çepionatlarda üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Geçirilýän şeýle sport çäreleri ýaş nesillerimiziň hyjuwdan doly ýüreklerinde ajaýyp ýatlamalary galdyrýar.

Maksat BOÝAZOW,
Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu