HabarlarSport

«Arkadag» topary Hindistanyň üç gezek çempiony bolan topary ýeňmegi başardy

06-03-2025 / 101

Düýn, 5-nji martda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek final tapgyryndaky ilkinji duşuşygynda myhmançylykda çykyş edip, Hindistanyň üç gezek çempiony bolan «Ist Bengal» toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Kalkutta şäheriniň “Salt Lake” stadionynda geçirilen duşuşykda türkmen toparynyň ýeňiş goluny birinji ýarymyň başynda Ýazgylyç Gurbanow geçirdi. Şeýlelikde, geçen gyşky transfer penjiresinde “Ahaldan” goşulan ezber futbolçy täze toparyna üstünlik bilen girişdi. Bu duşuşykda gazanylan ýeňşiň “Arkadag” toparynyň dördünji resmi duşuşygyndaky üçünji ýeňşidigini aýratyn nygtamak zerur. Topar ýaryşyň geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynyň sepgidinde geçirilen toparçalaýyn tapgyrynda Kuweýtiň “Al-Arabi”, Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata”, Maldiwleriň “Maziýa” toparlaryny yzda galdyryp, “B” toparçada birinji orny eýelemegi başarypdy. Şu gezekki garşydaşyň hem örän güýçli topardygyny aýtmak gerek. 104 ýyllyk taryhynyň dowamynda Hindistanda üç gezek çempion bolmak bilen birlikde, milli we halkara derejede 180-den gowrak kubok gazanan topar “A” toparçany 7 utuk bilen birinji orunda tamamlapdy. Muňa garamazdan, döredilenine iki ýyl bolan türkmen topary taryhy bir asyrdan hem geçýän garşydaşyndan güýç, tilsim babatda asla pes däldigini subut edip, ony ýeňmegi başardy.

Iki ýylda milli rekordlaryň ençemesini täzelän, häzirki wagta çenli geçiren milli duşuşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazanan «Arkadag» futbol topary halkara giňişlikde hem mynasyp bäsdeşleriň birine öwrülip barýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çempiony 12-nji martda Arkadag şäherinde geçiriljek jogap duşuşygyna artykmaçlyk bilen çykar.

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu