
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny peşgeş bermegi şanly ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy. Bu kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir. Şoňa görä-de, 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Pekin şäheriniň «Green Rivers Manor» myhmanhanasynyň Medeniýet merkezinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişligiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berlişi ýaly, çärä Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew we ilçihananyň diplomatlary, Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy hem-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Ýue Gaofeň, Ninsýa uniwersitetiniň prorektory we professory, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Çžao Sýaoszýa, Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň (Sian ş.) mugallymy S.Maşrykow, Medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Pekin şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly eseriniň möhüm ähmiýetini nygtamak bilen, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň öçmejek döredijiliginiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň, Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaralanýan döwründe aýratyn mana eýe bolýandygyny bellediler.
Magtymgulynyň meşhur «Türkmeniň» goşgusynyň türkmen talyplary tarapyndan türkmen we hytaý dilinde çeper okalmagy çärä aýratyn öwüşgin berip jemledi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy tarapyndan hytaý hyzmatdaşlaryna we türkmen talyplaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň nusgalary we Magtymguly Pyragynyň hytaý diline terjime edilen goşgular ýygyndysy sowgat berildi.
Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.