Habarlar

Dil — hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm se­riş­de­si

03-03-2025 / 12

Ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini özleşdirmegi, munuň üçin täze tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy Türkmenistanyň bilim syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Utgaşykly görnüşde guralan maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden professor-mugallymlaryň 120-den gowragy, şeýle hem daşary ýurtlaryň 15-siniň ýokary okuw mekdeplerinden hünärmenlerdir alymlaryň 20-den gowragy gatnaşdy. Şunda ABŞ-nyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň dil bilimi boýunça professor-mugallymlary hem-de alymlary sanly ulgam arkaly gatnaşyp, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça toplan tejribelerini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine daşary ýurt dillerini okatmakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylym-bilim arkaly ýaşlaryň ynsanperwer garaýyşlaryny giňeltmek, bu ugurda täze, döwrebap usullardan peýdalanmak, alyş-çalyş maksatnamalary esasynda bilim bermek meseleleri girizildi. Forumda çykyş edenler şu gezekki maslahatyň degişli ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn meýdança bolmak bilen, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleriniň arasyndaky ylmy dialogy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler. Maslahatyň döwletimiziň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Maslahata gatnaşyjylar hoşniýetli gatnaşyklaryň serişdesi hökmünde dil bilimlerini okatmakda häzirki wagtda ýörgünli bolan usuly we amaly tejribeler boýunça özara pikir alyşdylar. Halkara okuw-usuly maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşan daşary ýurt wekilleri dil öwretmekde ulanýan usulyýetleri we pedagogik tejribeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen dilini daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň tejribesi, dilleri öwretmekde köpdilliligiň ýetirýän täsiri, diplomatik we medeni gatnaşyklary berkitmekde onuň tutýan orny, döwlet gullukçylarynyň resmi iş kagyzlaryny ýöretmek endiklerini ösdürmek, dürli daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion usullar maslahatda edilen çykyşlaryň esasy özenini emele getirdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler, şol san­da ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek, bu ugur­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak üçin dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu