
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, çuň mazmunly goşgular bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan meşhur şahyrymyzdyr. Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan goşgulary, poemalary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun aldy.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär. Şahyr işiniň daşyndan zergärçilik bilen hem meşgullanyp, nepis şaý-sepleri ýasaýar.
Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi. Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi…
Maňa kän zat, uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregiňize goýuň siz,
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem,
Sözlerimi kesä çekmän, söýüň siz…
Hawa, Gurbannazar Ezizow öz şygyrlary bilen türkmen şygryýetine pikir taýdan-da, onuň aýdylyşy jähtden-de, düzüliş babatda-da täzelikleri getiripdi. Bary-ýogy otuz bäş ýaşyň içinde tutuş bir halkyň şygryýetinde mekdep derejesine ýetmek, diýseň seýrek hadysa. Şonuň üçinem Gurbannazar şahyryň şygyrlary bu günki gün her bir öýde, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Maşgalada perzent dünýä inende, durmuş toýy tutulanda, Gurbannazar şahyryň şygyrlary okalýar:
«Törüňizde hemişelik gurulan;
ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady…»
diýen ýaly ençeme setirler indi türkmeniň süýji arzuwlarynyň içine hemişelik garyldy.
Hawa, baharynyň ilkinji gününde biz ýene-de Gurbannazar Ezizowy ýatlaýarys. Diňe bir bu gün däl, şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynda ýylyň dört paslynda-da ýaşap ýör. Sebäbi ol şygyrlarda bu barlygyň ajaýyp keşbi suratkeşiň ussatlygy bilen döredilipdi. Ol eserleriň ählisinde-de nähilidir bir üýtgeşik hyjuw, egsilmez joşgun bar. Şonuň üçinem biz hemişe Gurbannazar şahyry ýatlanymyzda kalbymyza türkmen topragynyň göwnüňi göteriji ýakymy aralaşýar.
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.