
Täze taryhy döwrümizde ilatyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň sport bilen meşgullanmak we wagyz etmek bilen bagly asylly başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen, işjeň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň peýdasyny iş ýüzünde tassyklap, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär. Şunda türkmen sportunda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler örän buýsandyryjydyr.
Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary derejeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, halkara ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär. Ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.
Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, onuň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň sport abraýyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi we Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň raýatlary üçin ajaýyp sowgat boldy. Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi we onda Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň ýeňiji bolmagy, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň guralmagy bolsa geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy.
Görnüşi ýaly, häzirki wagtda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir. Türkmen milli sportuny bütin dünýäde dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Kerwen TAŇRYGULYÝEW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiri.