
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ösüp ýetişmekleri ugrunda hem ummasyz aladalar edilýär. Olaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler bolsa eýýäm çagalar baglaryndan başlanýar. Çagalar baglarynda geçirilýän sport çäreleri hem olaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryna gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran ajaýyp döwründe egsilmez bagta eýe bolan ýaş nesle halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk bilim bermek, sagdyn terbiýelemek örän jogapkärli we hormatly işdir. Ata-babalarymyz ýaş nesliň terbiýesine örän uly ähmiýet berip, «Çagany ýaşdan» diýen pendi öňe sürüpdirler. Bu diýildigi, çagany eýýäm kiçiliginden taplamak, ata-enä, özünden ululara hormat, Watana söýgi, ynsanperwerlik, adamkärçilik, edeplilik ýaly asylly duýgulary siňdirmeklige çalyşmaly. Şoňa görä-de, olaryň olaryň berk bedenli, sagdyn ösüp ýetişmekleri ugrunda jan-aýaman zähmet çekýäris.
Şu maksatdan ugur alyp, Çärjew etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynda etrap Bilim bölüminiň guramagynda «Berekella, pälwanlar!» atly sport bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň birnäçe öňdebaryjy çagalar baglarynyň bagtyýar körpeleri gatnaşdylar. Uly bag toparlarynyň körpeleriniň arasynda geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli hem-de gyzykly boldy. Olar bäsleşigiň şertine laýyklykda ýüp çekdiler we göreş tutdular. Sport bäsleşiginde türgen körpeler özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Şunlukda, Çärjew etrabyndaky 26-njy çagalar bakja-bagynyň körpesi birinji, 15-nji we 24-nji çagalar bakja-baglarynyň körpeleri ikinji, 5-nji, 12-nji, 18-nji we 28-nji çagalar bakja-baglarynyň körpeleri bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji körpelere guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermek üçin ähli şertler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gözel SALIMOWA,
Çärjew etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.