Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalarynyň sergisi başlady. 17-18-nji mart aralygynda geçirilýän sergide ýurdumyzyň öňdebaryjy telekeçileriniň önümleriniň köpüsi sergilenýär. Sergi zalynda taýýarlanylan bannerleri, sergilenen önümleri göreniňde ýurdumyzda hususyýetçiligiň, telekeçilik işiniň gysga wagtyň içinde juda uly depginler bilen ösendigine göz ýetirýärsiň.
Ýurdumyzda telekeçileriň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy pudagy ösdürmek boýunça maksatnamalar döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Munuň özi täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Häzirkizaman kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.
TÜRKMENgazet.com internet saýtymyzyň döredijilik topary hem bu sergä gatnaşdylar. Sergide birnäçe hususy kärhanalaryň wekilleri, şeýle-de öňdebaryjy telekeçiler bilen söhbetdeş boldular. Olaryň arasynda “MB shoes”, “Mähirli zenan”, “Gerçek”, “Abadan haly”, şeýle-de täze dörän kofe öndürýän kärhananyň wekilleri bar.
Günüň ikinji ýarymynda moda görkezilişi hem geçirildi.