Habarlar

Parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýany ilerledip

Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni giňden bellenildi

19-02-2025 / 22

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Institutyň eýwanynda türkmen diplomatiýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Onda daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň diwarlyklaryna hem orun berlipdir.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerimize iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikleri oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlary hem gowşuryldy. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Kakamyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu