
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriň bady artýar. Döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn ýokarlanyp, olar özleriniň saýlan ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar.
Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri türkmen sportunyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu meselede Türkmenistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegem taryhy waka boldy. Bularyň hemmesi Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň barha ýokary göterilýändigine aýdyň subutnamadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerine halkara derejeli bäsleşiklerdir ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen jogap berýän türkmen ýaşlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünlikler bilen jemlediler. Hökümetiň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, türkmen türgenleri geçen ýyl halkara ýaryşlarynda medallaryň 752-sine mynasyp boldular. Bu diýseň guwandyryjy netije bolup, şol bir wagtyň özünde-de türgenlerimize döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir.
Şunuň bilen baglylykda, biziň sport mekdebimizde-de ýaş türgenleriň onlarçasy tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenleri ýokary derejede taýýarlamak bilen bagly okuw-usuly maslahatlar hem yzygiderli guralýar. Biz her bir türgenimiziň üstünligini uly şatlyk bilen kabul edýäris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa şeýle üstünlikleriň dowamata beslenjekdigine ynanýarys.
Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.