
Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi möhüm syýasy-taryhy ähmiýete eýedir. Milli senenamamyzdan görnükli orun alan bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Bu şanly sene bilen baglanyşykly çäreler giň gerime eýe bolup, 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Breýn-ring» bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi döwletimiziň milli diplomatik ýörelgesi bolan parahatsöýüji ynsanperwer syýasatyny wagyz etmäge, ýaşlaryň umumadamzat meselelerini agzybirlikde, birek-birege ynanyşmak medeniýetini gaýtadan dikeltmek zerurlygyna düşünmeklerini gazanmaga, şeýle-de ýaşlaryň arasynda ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.