
Taryhy maglumatlara görä, gadym döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda tebigat bilimleri aýratyn ders görnüşinde okadylmandyr. Diňe XVIII asyryň ahyryndan başlap, Russiýanyň mekdeplerinde tebigy bilimler okadylyp başlanypdyr.
Ilki halk mekdeplerinde (uçilişelerinde), mugallymçylyk konferensiýalarda tebigy ylymlary okadyp başlapdyrlar. Şol döwürde tebigy ylymlara degişli okuw kitabyny ýazmak akademik W.F.Zuýewe tabşyrylypdyr. 1786-njy ýylda Russiýanyň okuw mekdepleri üçin «Tebigatyň taryhy çyzyklary» atly kitap ýazylýar. Şol ýyldan hem biologiýanyň taryhy ösüşiniň başy başlanýar.
W.F.Zuýew öz ýazan okuw kitabynyň üsti bilen tebigy ylymlara ylmy-usuly taýdan başlangyç berýär. W.F.Zuýew ösümliklere, haýwanlara ýazgy berýär, olary adam tarapyndan nähili ulanyp boljakdygyny düşündirýär. Bu alymyň ylmy-usuly işlerinde ösümlikleriň öýjükli gurluşy barada hem az-kem aýdylýar. Alymyň taýýarlan okuw kitabynda 148 ösümlige, 157 oňurgaly haýwana ýazgy berilýär. Kitap sada we düşnükli dilde ýazylypdyr. W.F.Zuýew öz işlerinde sistematika hiç hili üns bermeýär. Ol diňe ösümlikleriň we haýwanlaryň adam üçin peýdaly taraplaryna köp üns berýär. Bulardan başga-da ol öz kitabynda adam bedeni bilen haýwan bedeniniň meňzeşligi barada hem köp maglumatlary beýan edýär.
XX asyryň başynda öňki döwürdäki köp mekdepler ýapylyp, bir umumy bilim berýän zähmet mekdebi döredilýär. Onda öwrenilýän organiki dünýäniň ösüşi, adamyň gelip çykyşy hakyndaky bilimiň öwrenilmegi okuwçylarda ylmy dünýägaraýşy terbiýeleýär. Biologik bilim okuwçylara dünýä akyl ýetirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Onda ulanylan usullar okuwçylarda özbaşdaklyk endigini ösdürýär.
1935-nji ýýlda mugallyma usuly babatda kömek hökmünde «Mekdepde biologiýa we himiýa žurnaly», 1937-nji ýylda «Mekdepde biologiýa», 1946-1948-nji ýyllarda «Mekdepde tebigy ylymlaryň okadylyşy» ýaly usuly neşirler çapdan çykarylýar.
Her bir okuwçyda Watanymyzyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada gowy düşünjeler bolmalydyr. Bu zatlary diňe geografiýa, himiýa, biologiýa dersleriniň döwrebap okadylmagy bilen gazanyp bolar. Bu dersler boýunça okuw maksatnamalary, okuw kitaplary täzeden ýazyldy we olar yzygiderli kämilleşdirilýär.
Malika HOJAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň himiýa-biologiýa mugallymy.