Siziň üçin...Slider

Dünýäde iň owadan dil

14-02-2025 / 88

Fransuz dili dünýäde iň owadan dil hasaplanyp, ol hindi-ýewropa diller maşgalasynyň italiý şahasynyň roman toparynyň gallo-roman toparçasyna degişlidir. Bu dil Fransiýanyň döwlet dili bolup, onuň esasy ilatynyň sözleýiş we ýazuw dilidir.

Fransuz dili Belgiýanyň fransuz dilli ilatly ýerleriniň, Şweýsariýanyň, Kanadanyň resmi-iş dilleriniň biridir. Şeýle-de bu dil Afrikanyň, Karib basseýniniň, Fransuz Gwianasynyň käbir döwletlerinde giňden ýaýrandyr, olaryň birnäçesinde bolsa resmi dil hökmünde hem ulanylýar. Fransuz dili latyn dilinden gelip çykyp, beýleki roman dillerinden tapawutlylykda ondan düýpli bölünip aýrylandyr. Onuň elipbiýi latyn harplarynyň esasynda düzülendir.

Fransuz dili BMG-niň we ÝUNESKO-nyň resmi dilleriniň biri bolup, ol halkara guramalarynyň birnäçesiniň hem resmi-iş dili hasaplanylýar. Daşary ýurt dili hökmünde iň köp öwrenilýän dilleriň biri-de fransuz dilidir. «Frankofoniýa» halkara guramasynyň bellemegine görä, häzirki wagtda fransuz dilinde gürläp bilýän adamlaryň sany 280 million töweregidir. Özüniň köküni gadymy latyn dilinden alyp gaýdýan bu dil, esasan, VI-VIII asyrlar aralygynda kämilleşip, häzirki zaman fransuz dili derejesine çenli gelip ýetipdir.

Köne fransuz dilinde saklanyp galan iň irki ýazgylar – bu Strasburg kasamlary (842 ý.) hem-de Keramatly Ýewlali baradaky sekwensiýadyr (IX asyryň ahyry). Orta fransuz dili gadymy latyn diline özüniň güýçli täsirini ýetiripdir. 1066-njy ýylda Angliýanyň normanlar tarapyndan eýelenmegi bilen ýurtda fransuz dili barly toparlaryň dili hökmünde üç asyrlap ulanylypdyr.

XII-XIII asyrlarda fransuz dili Germaniýanyň, Flandriýanyň, Niderlandlaryň köşk adamlarynyň arasynda hem giňden ýaýrapdyr. XIII asyryň ahyrlarynda käbir italýan ýazyjylary öz eserlerini fransuz dilinde döredipdirler. Belli syýahatçy Marko Polo öz syýahatlary baradaky meşhur eserini bu dilde ýazypdyrlar.

1539-njy ýylda Ordonans Wille-Kotre fransuz dilini Fransiýanyň ýeke-täk döwlet dili hökmünde berkidip, ýerli guramalara resminamalarynyň ählisini bu dilde alyp barmagy buýrupdyr. Fransuz diliniň taryhy boýunça esasy bellemeli zat, 1635-nji ýylda kardinal Rişelýe tarapyndan Fransuz akademiýasynyň döredilmegidir. Biraz wagtdan, ýagny XVII asyryň ortalaryndan fransuz dili halkara dil hökmünde ulanylyp başlanypdyr, ýöne onuň has meşhur bolan wagty XVIII asyrdyr, ýagny halkara aragatnaşykda, ylymda, medeniýetde, edebiýatda latyn diline derek fransuz diliniň ulanylyp başlanmagy bilendir.

Aýbölek SAHATOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň fransuz dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu