Siziň üçin...Slider

Gadymy sungatdan söz açyp…

13-02-2025 / 107

Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekillendirip bilmek ukybydyr: Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr. Şekillendiriş sungaty dünýäniň, adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlik dünýäsiniň şekilini suratlandyrýar, jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny, olaryň pikirini, arzuwlaryny we duýgularyny şöhlelendirýär.

Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri: 1. Nakgaşlyk – dünýäniň keşbini dürli reňkleriň sazlaşygynda suratlandyrýar. 2. Grafika – kagyzyň ýüzünde 1, 2 reňk bilen (ak, gara) çekilýän şekillendiriş sungatynyň görnüşi, grafikanyň esasy çeperçilik serişdesi – çyzyk, ştrih, nokat. Grafikada birnäçe reňkler hem ulanylýar. 3. Heýkeltaraşlyk – şekillendiriş sungatynyň göwrümli görnişi. Onuň 3 ölçegi bar- beýikligi, uzynlygy, galyňlygy.

Şekillendiriş sungaty sungatyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ilkidurmuş adamsynyň çeper döredijiliginiň köpsanly ýadygärlikleri saklanyp galypdyr. Adamlar ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşy döwründen başlap gowaklaryň diwarlarynda, gaýalaryň ýüzünde öz ýaşaýyş durmuşyna degişli suratlaryň birnäçesini reňk bilen we daşy oýup çekip galdyrypdyrlar. Daşyň ýüzüne oýulyp çekilen şekillere petroglifler (grek petros – daş we glyphe oýmak sözlerinden) diýilýär. Ol suratlar şol döwrüň adamlarynyň daş-töwerekdäki dünýä hakyndaky garaýyşlaryny, tebigy hadysalar baradaky kämil bolmadyk düşünjelerini, meşgul
bolan işlerini hem-de hudaýlaşdyrylan şekilleri çeper beýan edişlerini görkezýär.

Şekillendiriş sungaty dersi ýörite okuw dersi bolup, okuwyň maksady okuwçylaryň şekillendiriş sungaty baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak we ösüp gelýän ýaş nesilde akyl, ahlak, zähmet we gözellik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de olaryň çeper döredijiligini, ýatkeşligini, şekillendiriş başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu işi üstünlikli amala aşyrmakda mugallymyň usulyýetden ýokary taýýarlykly bolmagynyň ähmiýeti örän uludyr.

Mähriban TAGANOWA,
Köýtendag etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň surat mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu