SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Tikinçilik ― tebigat bilen ýakynlyk

11-02-2025 / 11

Pederlerimiziň nepis senetleriniň naýbaşy görnüşleri kämil sungat derejesine ýetirilip, gözelligiň nusgasyna öwürilipdir. Şeýle senetleriň biri-de türkmeniň milli tikinçilik we keşdeçilik sungatydyr. Bu senetler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň tebigat bilen ýakynlygy dokmaçylyk, keşdeçilik we tikinçilik senetlerinde-de aýdyň ýüze çykýar. Asyrlaryň dowamynda nepis matalar ak pagtadandyr kümüşsöw çäçden taýýarlanylyp, ýüpleri boýamak üçin tebigatyň dürli ot-çöplerinden, gül-güläleklerinden, ir-iýmişlerdir miwelerden alnan reňbe-reň boýaglar peýdalanylypdyr. Nepis tikinçilik we keşdeçilik sungatymyz şu günki günde-de göreni haýran edýär. Çünki olarda müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenilen milli medeniýetimiziň ajaýyp beýany, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň näzikligi jemlenýär.

Taryhy maglumatlara görä, orta asyrlarda Maryda mülham, şahyjan, Köneürgençde karsaw ýaly ajaýyp ýüpek matalar dokalyp, milli lybaslary tikmekde giňden peýdalanylypdyr. Bu ajaýyp matalaryň dürli ýurtlaryň hökümdarlary tarapyndan arzylanylyp saklanylandygy baradaky ýazuw çeşmeleri türkmeniň gadymy ýüpek matalarynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýrandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň tikinçilik kärhanalary öz işlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň, egin-eşikleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler. Häzirki wagtda tomus paslynyň dowam edýän günlerinde tikinçilik kärhanalarynda erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle-de mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen lybaslaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar.  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda giň göwrümli özgertmeler we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Kiçi we orta telekeçilik ösýär we hususy pudagyň wekilleriniň işleriniň gerimi giňeýär, häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar.

Türkmen milli lybaslarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne görä kämilleşýändigi, biçüw, tikiliş we keşde-gaýma bezegi babatda aýawly saklanylýandygy hemmämizi buýsandyrýar. Çünki milli lybasymyz milli medeniýetimiziň, mirasymyzyň ajaýyp bölegidir. Bu gymmatlyk pugta goralyp, geljek nesillere ýetirilmäge mynasypdyr.

Ýazgül KÖSSEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu