Awtory: Merjen Kadyrowa,
«Türkmen gündogary» gazeti.
(oýlanma)
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan Ýulduz Jumabaýewa degişli medallary gowşuryş dabarasyna teleýaýlym arkaly tomaşa edenler köp bolsa gerek. Menem şol buýsançly dabara başdan ahyryna çenli tomaşa etdim. Dabarada çempionyň gapdalynda ýakyn hossarlarynyň, ýagny ata-enesiniň bolmagy, olaryň gyzynyň şeýle bagtly, bagtyýar pursadynyň şaýatlary bolmagy, onuň şatlygyny deň paýlaşmagy hiç göz öňümden gidenok. Muňa tomaşa eden ene-atalar hyýallarynda hiç bolmanda ýekeje minutlyk bolsa hem Ýulduzyň ― dünýä çempionynyň hossarlarynyň ornuna özlerini goýup gören bolsalar gerek. Muny menem hyýalymda janlandyrdym we oýna güýmenip oturan oglumy derrew telewizoryň öňüne çekip, tutanýerli, erjel bolmagyň, maksadyňa ýetmek üçin öz üstüňde işlemegiň, yhlasly zähmet çekmegiň ynsany şeýle uly üstünlige getirjekdigini oňa düşündirdim.
Çünki ynsan balasy ýeňiş gazanmak, üstünlige ýetmek bilen diňe ýeke özüni beýgeldenok, ol maşgalasynyňam, il-gününiňem abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşýar. Şeýle hem jemgyýetiň hem kämilleşmegine ýardam edýär.
Öňden bäri aýdylyşy ýaly, özüňe pylanynyň gyzy, pylanynyň ogly, pylanynyň agtygy diýdirmek aňsat. Bu başga biriniň ady bilen ýol gazanmak diýlen ýaly bir zatdyr. Emma pylanynyň kakasy, pylanynyň ejesi diýdirmek welin ýönekeý zat däldir. Şeýle hem ene-ataň gazanan ady, abraýy bilen şöhratlanmakdan, ýol almakdan öz ýeten şahsy derejäň bilen seni dünýä getiren ynsanlaryň mertebesini galdyrmagyň, olaryň ruhuny götermegiň arasynda örän uly tapawut bardyr. Il derdine ýaraýan ynsan bolup ýetişip, seni aýaga galdyranlaryň hormatyny artdyrmak bu her kime-de başardyberenok. Emma keramatly hasaplaýan mährem ejelerimiz, mähriban kakalarymyz üçin bolsa, öz çagalarynyň gazanan ýeňişi bilen göwünlerini galkyndyrmak uly bagtdan nyşanmyka diýýärin. Heý-de bir ynsan balasynyň şeýle bagty arzuw edmeýäni barmyka?! Elbetde ýokdur. Beýle pursatlary başdan geçirmek bagtlaryň iň naýbaşysydyr, çür depesidir.
Bilýän. Gyzynyň ýurduň Lideriniň hut özünden şeýle baýraklary alan enäniň göwün guwanjy, atanyň ýürek buýsanjy kalplaryna sygan däldir. Olar şeýle perzendi ― dünýä çempionyny ösdürip ýetişdirendiklerine özlerine guwanýan bolsalar gerek. Olara bizem guwanýarys, tutuş ýurdam guwanýar. Çünki Ýulduz Jumabaýewa diňe bir öz adyny däl, eýsem, Garaşsyz Türkmenistanyň hem adyny ýene bir gezek dünýä çykardy. Dünýä döwletleriniň öňünde Türkmen Tuguny belentde parlatdy. Türkmen sportunyň şöhratyna şöhrat goşdy.
Ýurdumyzda şeýle ýaşlaryň kemala gelýändigi eýsem, uly buýsanç dälmi? Döwletimizde beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň önüp-ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlaryna bolsa diňe ol şertlerden ýerlikli peýdalanyp döwür bilen galkynmak galýar. Bu işde biziň — ata-eneleriň hem olara görelde görkezmegimiz, belli bir ýola ugrukdyrmagymyz zerur.
Hormatly watandaşlar, mähriban ene-atalar! Siziň her biriňize şeýle bagtyň eýesi bolmagy, çagalaryňyzyň üstünligine guwanyp, olaryň begenjini deň paýlaşmagy arzuw edýäris.