Siziň üçin...Slider

Ýer baradaky iň gadymy ylym

29-01-2025 / 151

Bilşimiz ýaly, geografiýa Ýer baradaky iň gadymy ylymlaryň biridir. Okuwçylar geografiýany öwrenende dünýäniň we Türkmenistanyň tebigaty, howa şertleri, toprak örtügi, suwlary, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada örän köp gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolýarlar.

Umumybilim berýän orta mekdeplerimizde geografiýa okuw dersi hökmünde 6-njy synpda öwrenilip başlanýar. Geografiýa ylmy barada okuwçylara düşünje bermekde görkezme esbaplaryň aýratyn orny bar. Geografiýa diýlende, biziň gözümiziň öňüne ululy-kiçili geografik kartalar, globuslar, atlaslar gelýär. Şolarsyz geografiýa ylmyny göz öňüne getirmek juda kyndyr. Globus — Ýer togalagynyň kiçeldilen şekili (modeli) bolup, mekdepde geografiýany okatmakda okuw serişdeleriniň iň esasylarynyň biri hasaplanylýar. «Globus» sözi latyn dilinden terjime edilende, «şar» diýmegi aňladýar.

Geografiýa sapaklarynda iň gerekli görkezme esbap geografik kartalardyr. Mekdepde guralýan her bir sapakda tema laýyk gelýän geografik karta okuwçylaryň düşünjesini artdyrmakda, geografiýa ylmyna bolan höwesini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Okuwçylar öý işini aýdýan wagtynda geografik kartadan görkezip jogap berseler, olar özlerini geografik obýektiň ýanynda duran ýaly duýýarlar.

Geografik kartany okuwçylaryň gowy öwrenmegini üpjün etmek üçin ýörite sudur kartalar hem bardyr. Okuwçylar sudur karta mugallymyň tabşyrmagy boýunça ýurtlary, olaryň paýtagtlaryny, senagat merkezlerini, deňiz duralgalaryny, fiziki kartadan daglary, düzlükleri geçirýärler, kölleriň we derýalaryň atlaryny ýazýarlar. Şeýlelik bilen, olar karta boýunça alan bilimlerini has çuňlaşdyrýarlar, okuw kitabyndan alan bilimlerini berkidýärler.

Okuwçylara türkmen tebigaty, ata Watanymyz barada düşünje bermek, olary milli ruhda terbiýelemek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Leýla GAPUROWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu