
Saz ― jadyly senet. Saz dünýäsini her adam özüçe açýar. Türkmen, asylynda-da, saz-söhbete ýüregi bilen berlen halk. Dutardyr gyjak, gopuzdyr tar her öýde diýen ýaly bar. Gazma dutar tutumly toýlarymyzyň bezegi, joşgunly kalplarymyzyň ylhamy bolup, ömrümize many, ykbalymyza nur bagyşlaýar.
Rowaýata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyň Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iým iỳmändir. Bu atyň seýsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Ol örän ökde sazanda bolany üçin, Hezreti Alydan on gün möhlet alyp, bir saz gural ýasapdyr. Babagammar atyň öýüne iým döküp, ýasan guraly bilen atyň garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül täsin owaza gulagyny keýerdip, öňündäki dökülen iýme ymsynyp başlapdyr. Şeýlelikde, at halas bolupdyr. Şol jadyly saz gural dutar eken.
Türkmenler, haçan-da, çaga gyzamyk örende, oňa dutardyr tüýdügiň owazy bilen şypa beripdirler. Şu hakykatyň özi ýokarky rowaýatyň näderejede hakykata ýakyndygyna göz ýetirmäge ýardam edýär.
Taryha her bir şahs bir ýol bilen girýär. Babagammar meşhur dutary bilen taryhda yz goýdy. Ol – dutaryň piri. Dutar bolsa hemme döwürlerde wagtyň talabyny ödän saz guralydyr. Ol ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda şol bir ýagdaýy saklap, bagşy-sazandalaryň çyn söýgüsine, hormatyna mynasyp boldy. Bagşylar onuň mylaýym, mahmal owazyna maýyl bolup, uly joşgun bilen aýdym aýdýarlar.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymy hem baky juwan milli saz senedini gaýtadan dikeltmek, oňa döwrebap öwüşgin berip, milli buýsanjymyza öwürmek ugrunda alnyp barylýan asylly işler özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Şunda şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Ajaýyp zamanamyzda dutaryň şirin owazy belentden ýaňlansyn! Goý, milli sazlarymyzyň owazy baky Bitarap döwletimizde kalplarda sena bolsun!
Ogulşat KURBANOWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy.