
Türkmen milli sazlarynyň müň röwüşli öwrümleri bar. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony has-da kämilleşdirmek we ýaş nesillerde halk aýdym-sazlaryna söýgi döretmek babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Aýdym-saz körpeleriň sözleýiş hem hereket ediş endiklerini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda orta, uly we mekdebe taýýarlaýyş toparlarda saz gurallarynda saz çalmagy öwretmek işiniň usullaryny özleşdirmek möhüm talap bolup durýar. Kiçilikden çagalara ýekelikde saz çalmagy öwretmek hem zerurdyr. Biz çagalara aýdym-sazlary öwredenimizde milli oýunlarymyzdan hem ýerlikli peýdalanýarys. Çaganyň ýaş aýratynlyklary esasynda sazly-sazlaşykly hereketleri oýunlaryň üsti bilen öwredip, gowy netijeleri gazanmak bolýar.
Saz diňlemek, edil şonuň ýaly-da, dürli görnüşli, köplenç ýagdaýda akgynly sazlary diňlemek çaganyň pikirlenişini ýokarlandyryp, döredijilik ukybyny ýüze çykarmakda örän peýdalydyr. Çagalar käte näbelli sebäplere görä, gijelerine uklap bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda aýdym-saz diňlemek olara kömek edip biler.
Pessaý akymly sazlar çalt rahatlandyryjy häsiýete eýedir. Hatda onuň bedeniň dürli kesellere garşylyk güýjüni, ýagny immunitetini hem ýokarlandyrýandygy alymlar tarapyndan subut edilendir. Elbetde, edil aýdym diňlemegiň saglygymyzda, ylaýta-da, ruhy saglygymyzda peýdaly bolşy ýaly, aýdym aýtmagyň, hiňlenmegiň hem örän köp peýdaly taraplary bardyr. Aýratyn-da, çagalar-da.
Aýdyma hiňlenmek gan basyşy sazlap, ýüregi berkidýär. Onuň gandaky kislorodyň mukdaryny artdyrýandygy, stres garmonyny azaldýandygy, ünslüligi güýçlendirip, sesiň hem üýtgemegine, ýagny sazlaşykly owaza eýe bolmagyna täsir edýändigini hem belleýärler. Bu bolsa çagalaryň geljekki ösüşi üçin uly zerurlykdyr.
Çagalaryňyzy aýdym-saz dünýäsinden çetleşdirmäň! Olara köpräk saz diňlediň!
Dursunaý ATAMURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy.