Habarlar

Türkmen ýaşlarynyň halkara üstünligi

24-01-2025 / 165

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň «Daryn» ylmy-amaly merkeziniň guramagynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 21-si gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Resmi çeşmelerde habar berlişi ýaly, Astana şäherinde geçirilen halkara ders olimpiadasyna dünýäniň 15 ýurdundan 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Türkmenistanly okuwçylar takyk dersler boýunça 2 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç, umumylykda 12 medal gazandylar. Munuň özi ýaşlaryň bilim almaklary, takyk dersleri hemmetaraplaýyn we çuňňur özleşdirmekleri ugrunda ýurdumyzda edilýän tagallalaryň oňyn netijesidir.

Matematika dersi boýunça geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň wekilleri üçin has-da üstünlikli boldy. Mekdep okuwçylarymyz şu ders boýunça 9 medal gazandylar.

Şeýle ýokary üstünlikler türkmen ýaşlaryny täze ýeňişlere ruhlandyryp, munuň özi ýaş nesilleriň halkara ylmy we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, zehinlerini açmaklary, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň Baş hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu