
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
«Galkynyş» toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Ýeri gelende ýatlasak, bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi.
Ýurdumyzyň sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda Baş baýraklara mynasyp boldy. Bu toparyň 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy.
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan «Galkynyş» milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.