
Bilşimiz ýaly, türkmen gyz-gelinleriniň tikin-çatyn işleri, keşdeçiligi we dokmaçylygy gadymdan gelýän baý nusgalara eýedir. Nesilden-nesle geçip gelen şeýle nusgalar şu ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere kämil öwredilýär we bu hünär dowam etdirilýär.
Turuwbaşdan ene-mamalarymyzyň gyzjagazlara el işleriniň her bir görnüşini yhlas bilen öwredendiklerini, onda-da bu işe ir ýaşdan başlandyklaryny aýtmalydyrys. Olar «Işsizlikden ýaman zat ýok», «Elinden gelen gül eýlär, elinden gelmedik ne eýlär?», «Işli elim görkli», «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Senet — eliň altyn bezegi» ýaly zähmetsöýerlik bilen bagly ýörelgelerden ugur alypdyrlar. El işleri döwürleriň, heňňamlaryň synagyndan geçip, çeper elli gyz-gelinleriň yhlasy bilen kämil nusgada biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Häzirki günde gyzlara el işleri maşgalada-da, orta mekdepde-de öwredilýär. Ejeleridir eneleriniň, gyz doganlarydyr ýeňňeleriniň göreldesine eýerip, tikin tikmegi, keşde bejermegi, örüm örmegiň görnüşlerini, alaja işmegi hem-de dokma dokamagy öwrenýän gyzlarda zähmete söýgi bar. Olar öz elleri bilen döreden işlerini durmuşda peýdalanyp, ulanyp, el işleriniň gadyr-gymmatyna düşünýärler.
Ene-mamalarymyz: «Elimden çykan egnime ýarar» diýipdirler. Öz eliňden gelip eden işiň, hakykatdan hem, özüňe ýaraýar. Hünäri dowam etdirdigiňçe ökdeleýärsiň, çeperleşýärsiň. Seniň eliňden çykan işe, ilki bilen, ejeň, eneň, gyz doganyň, ýeňňeň, soň il-gün baha berýär. Şonda gowy baha eýe bolmak her bir gyz üçin uly bagt. Onuň aňyrsynda uly pelsepe-de bar. Ine, biz hem hut şular barada çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän gyzjagazlara gürrüň berýäris. Sebäbi kiçilikden öwredilen hünär gyzlaryň durmuşdaky orunlaryny tapmagyna, bagtly durmuşda ýaşamagyna badalga berýär.
Keşde çekmek, gaýma gaýamak, dokma dokamak bilen bagly milli edebiýatymyzda aýdylan pikirler az däl. Kemine şahyryň:
Meniň dilim, seniň eliň hünäri,
Nusga bolup galsyn ilden-illere
— diýip, wasp etmegi zenanlaryň el işlerine her bir döwürde-de uly hormat goýlandygyny subut edýär. Şoňa görä-de, ýaşlara millilige esaslanýan zähmet terbiýesini bermek aýdyň geljek hakdaky aladalaryň biridir.
Oguljeren AGABAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.