Habarlar

BMG-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaraly açylyşy boldy

21-01-2025 / 105

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu hoş habar ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Dabara BMG-niň düzümleriniň ýokary wezipeli işgärleri we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Onda BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, siwilizasiýalar bileleşigi boýunça Ýokary wekili, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň edarasynyň ýolbaşçysy çykyş etdiler. Şeýle-de çäräniň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, «77 toparynyň» adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Tertipnamasyny goramak üçin dostlar toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak we dialog medeniýetini ilerletmekde eýeleýän başlangyçly orny aýratyn bellenilip, BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny goldaýandygy üçin döwlet Baştutanymyza hem-de hormatly Arkadagymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin esas hökmünde Milli Liderimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda 14-nji ýanwarda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýeti nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürlen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly garaýyşlaryny beýan etdiler, oňa esaslanýan «Ýol kartasyny» goldadylar. Şeýle hem parahatçylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ynanyşykly döwletara dialogy pugtalandyrmak maksady bilen, bu resminamany bilelikde amala aşyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Kakabaý KAKABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu