
Ata Watan ähli mukaddeslikleriň başy hasaplanýar. Şonuň üçin hem onuň goragy-da mukaddes saýylýar. Watan goragynyň iýen halal duzuňy haklamak bilen baglanyşdyrylmagy hem onuň keramatlyk güýjüniň güwäsidir. Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň gününiň ýokary derejede baýram edilmegi halkynyň asudalygyny gözüniň owasy deýin ezizleýän harby gullukçylarymyzyň mertebesini has-da beýgeldýär.
Watan türkmen üçin ähli zatdan zyýada, dünýe malyndan artyk gymmatlykdyr. Watan biziň her birimiz üçin ezizdir, mukaddesdir. Türkmen mukaddes hasaplaýan zatlaryny jandan ezizläp söýýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip, ene süýdi bilen-de berkidilýär. Şonuň üçin-de bu duýgy milletimiziň aňyna ornap, ganyna siňendir. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen Watany söýer», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy» diýip, pederlerimiz watançylyk garaýyşlaryny nakyllara siňdiripdirler. Atalaryň altyn ýolundan ýöräp, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen nesiller bilen ýurduň ösüşlerden-ösüşe sary menzilleri aşjagy şeksiz hakykatdyr.
Watanyň gaýduwsyz goragçysy, mugallym, esger, ilhalar ynsan, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly ýaşlara nusgalyk görelde mekdebidir. Çünki bu beýik ynsan ýaşan juda manyly ömründe Watana, halka, il-güne wepalylygyň belent nusgasyny görkezipdir. Ömrüniň manysyny ilgününe sogaply, haýyrly işleri bitirmekde, alkyş almakda gören Berdimuhamet Annaýew iliň begenen ýerinde begenip, gynanan ýerinde gynanyp, elmydama iliň aladasy bilen ýaşapdyr. Berdimuhamet Annaýewiň röwşen keşbi, şanly söweş hem-de zähmet ýoly, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygy, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, halalhonlugy, jogapkärçiligi ýaş nesil üçin nusgalykdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylaryna döredilýän mümkinçilikleriň hem şertleriň geriminiň giňeýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Yzygiderli häsiýetde Milli goşunymyzyň binýady berkidilip, Watan goragçylarynyň gulluk şertleri döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurduň merdana ogullary amatly şertlerde gulluk etmäge, watançylyk duýgy-düşünjelerini berkitmäge uly mümkinçilikler alýarlar.
Ýeri gelende bellesek, şanly senelerde we taryhy günlerde Watan goragçylaryna döwlet sylaglary hem yzygiderli gowşurylýar. Harby gullukçylara alyp baran işlerine, tapawutlanan taraplaryna laýyklykda hünär derejeleri, harby atlary berilýär. Olaryň Şa serpaýlary, abraýly döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mähriban Watanymyzda merdana ýurt goragçylaryna uly hormat-sarpa bilen garalýandygyny ykrar edýär.
Watan goragçylarynyň güni — bagtyýar raýatlarymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan ynamynyň, buýsanjynyň dabaralanmasy. Bu baýram Watan öňündäki perzentlik borjuny berjaý etmegiň, il-gününe wepaly bolmagyň islegi bilen dem alýan ýürekler üçin has-da üýtgeşik. Halkymyzyň edermenlik, mertlik ýaly asylly däplerini harby däpler arkaly has-da berkitmekde bu baýramyň aýratyn orny bar. Her birimiziň Watana bolan söýgümiz köňül bossanymyzy nagyşlap, ýüregimize ylham bagyşlasyn!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.