15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda hem bellenilşi ýaly, ýazky ýeralma, sogana ideg etmek, beýleki gök ekinleri ekmek boýunça iş depginini artdyrmak hem-de olary agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin çäreler görülýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutany gar ýagyp, howanyň sowandygyna ünsi çekip, munuň bolsa ir gülleýän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökmegine getirendigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti bereketli hasyl almak üçin miweli baglara, şonuň ýaly-da, ýazlyk ýeralma we sogana ideg etmek hem-de beýleki gök we bakja ekinleriniň ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça işleri agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de iş maslahatynda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hem-de aprel aýynda belleniljek baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.