Sport

Mekdep okuwçylarynyň arasynda sport ýaryşlary

10-01-2025 / 49

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýetilýän sepgitler barada oýlanmak, söhbet etmek örän ýakymly. Eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy sport ulgamyndaky özgertmeler baradaky  gürrüňleriň soňuna çykma ýok. Şunda türkmen türgenleriniň gazanýan ýeňişleri her birimizi buýsandyrýar.

Häzirki wagtda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwri dowam edýär. Bu döwürde olaryň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmek örän möhümdir. Şoňa görä-de, ýakynda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde Täze ýyl baýramçylygy hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak dabaralara beslemek maksady bilen sport ýaryşlary geçirildi.

«Sagdynlyk ― baş ýörelgämiz» diýen at bilen geçirilen ýaryşlar sportuň kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt görnüşleri boýunça guraldy. Bu ýaryşlar mekdep okuwçylarymyz üçin kämillige badalga boldy. Şunda ýaş türgenlerimiz  sporta bolan höwesini, ýeňşe bolan yhlasyny, erjelligini we tutanýerliligini aňryýany bilen subut etdiler.

Umuman, sport, bedenterbiýe çäreleriniñ köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy, olarda ýaş nesilleriň üstünlikli çykyş etmegi buýsanç bilen bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, biziň sport mekdebimizde ussat türgenleriň täze nesli kemala gelip, olar halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň, döwlet derejesindäki ýaryşlarda bolsa sport mekdebimiziň abraýyny ynamly goraýarlar.

Güljahan NURMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň müdiriniň okuw, sport işleri boýunça orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu