
Sport parahatçylygyň ilçisi hökmünde ählumumy abadançylygyň, dost-doganlygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly mundan beýläk-de täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr» diýip belleýär.
Turuwbaşdan milli sportuň dünýädäki at-abraýyny täze derejä çykarmakda türgenlerimiziň gazanýan netijeleriniň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Her ýyl bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen türgenleri ýurdumyzyň çäginde we dostlukly döwletlerde geçirilen abraýly halkara sport ýaryşlarydyr okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň köp sanlysyna işjeň gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyna abraý goşdular.
2024-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda, Bişkekde guralan Sambo boýunça dünýä kubogynda we beýleki onlarça ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek bilen, ýaş türgenlerimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasynyň üstüni täze altyn, kümüş we bürünç medallar bilen ýetirdiler. Şeýle ähmiýetli halkara ýaryşlarda uly üstünliklere eýe bolan türgenleri sylaglamak dabaralarynyň guralyp, Şa serpaýlarynyň gowşurylmagynyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülmegi bolsa olary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Geçen ýylyň 2-nji noýabrynda hem ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ildeşlerimize sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň nusgalyk göreldesini görkezip, Saglyk ýolundan geçmegi, şeýle hem halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň dabaraly ýagdaýda Şa serpaýlary bilen sylaglanmagy ýatdan çykmajak wakalardyr.
Ýene-de bir buýsançly wakany aýratyn bellemelidiris. «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynda görkezen ýokary netijeleri bilen möhletinden öň çempionyň münberini eýeledi, Türkmenistanyň Kubogyna we Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Şeýle-de bu topar ilkinji gezek AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşmak bilen, öz toparçasynda birinji orny eýeläp, ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy.
Görnüşi ýaly, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň nyşanydyr. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hem-de kuwwatly sport döwleti hökmünde tanalýan Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna möhüm şertleri döredýär.
Uly joşgun, ýagşy arzuw-niýetler bilen gadam basan täze — 2025-nji ýylymyzyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biz — sport ulgamynyň hünärmenlerini hem diýseň begendirdi. Şu pursatdan peýdalanyp,, biz bu şanly ýylyň ajaýyp we çuňňur many-mazmunynda jemlenen möhüm wezipeleri mynasyp amal etmäge goşandymyzy goşjakdygymyza, ýaş nesilleri sporta höweslendirmek işlerini dowam etdirjekdigimize, täze-täze ýeňişleri gazanjakdygymyza, bu ugurlarda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Milli sportumyzyň okgunly ösüşleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Kerwen TAŇRYGULYÝEW,
Tejen etrap sport mekdebiniň müdiri.