Sport

Sagdynlyk ― baş ýörelgämiz

07-01-2025 / 47

Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi gyzykly we şadyýan geçýär. Munuň üçin biz öňünden aladalandyk. Şu möwsümde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy düzüldi. Şol çäreleriň arasynda sporta uly orun berildi. Şoňa görä-de, ýakynda Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebinde Täze ýyl baýramçylygy hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak dabaralara beslemek maksady bilen sport ýaryşlary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän ýaşlarymyz sport endiklerini kämilleşdirmek, has ýokary sport netijelerini gazanmak üçin yzygiderli türgenleşip, dürli ýaryşlara gatnaşýarlar. Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebinde «Sagdynlyk ― baş ýörelgämiz» diýen at bilen geçirilen ýaryşlar hem munuň şeýledigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Ýaryşlar sportuň kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt görnüşleri boýunça guraldy. Olara gatnaşan mekdep okuwçylarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny, sporta bolan höwesini, ýeňşe bolan yhlasyny, erjelligini we tutanýerliligini görkezdiler. Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň manyly we şadyýan geçmeginde sportuň ähmiýeti uludyr. Olar türgenleşmek bilen saglygyny-da berkidýärler. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan sagdyn bedenli, kämil düşünjeli watançy nesilleriň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu