
Sözbaşy hökmünde alan bu setirimiz hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza sowgat eden «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda öz beýanyny tapýar. Bu ajaýyp eser hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ynamly gadamlar bilen barýan mähriban halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak toý sowgady boldy.
Bilşimiz ýaly, taryh sahypalaryndan orun alan 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr. Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny peşgeş bermegi şanly ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy. Täze kitapda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir. Täze kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda eýeleýän ornuny giňişleýin açyp görkezýän täze kitap «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» diýen bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň mazmunyna siňdirilen beýik şahyrymyz hakyndaky inçe pelsepeler, synçy garaýyşlar, takyk pikir ýöretmeler geçmiş-taryhymyz, şöhratly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz hakynda täzeçe pikirlenmäge itergi berýär.
Täze kitap nusgawy şahyrymyzyň dünýä halklarynyň ýürek telwasyna öwrülen «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusy bilen açylýar. Şeýle hem kitabyň ilkinji sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan goşgusynyň ýerleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalaryň, hormatly Prezidentimiziň şanly wakalar mynasybetli gutlaglarynyň we çykyşlarynyň ýerleşdirilmegi ony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmä öwürýär.
Kitapdan käbir jümleleri mysal getirmegi makul bildik:
«Magtymgula kybap bolmak herbap bolmakdyr, döwrebap bolmakdyr.
Magtymgula düşünmek üçin Magtymgulynyň döwrüne düşünmäge çalyşmaly.
Magtymgula düşünmek üçin halkyňy söýmeli!
Magtymgula düşünmek üçin Watanyňy söýmeli!
Magtymgula düşünmek üçin barlygy söýmeli!».
Jennet SAPAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.