Siziň üçin...Slider

Pirakanta ― owadan gyrymsy agaç

07-01-2025 / 86

Pirakanta ― (latynça «Pyracantha») bägüller maşgalasyndan bolan hemişe gök öwüsýän  ösümlikleriň biri. Onuň tebigy ýaýran ýerleri Ýewropanyň günorta sebitleridir. Pirakantanyň ýabany görnüşleri Aziýanyň günorta–gündogar  sebitlerinde, Gimalaýda ýüze çykaryldy. Owadan, uly bir idegi talap etmeýän bu ösümlik islendik toprakly meýdanda ösüp bilýär we ekilen ýerini owadan görnüşe getirýär.

Tikenli, hemişe gök öwüsýän bu gyrymsy agaç dik ýada ýaýbaň şahalanýar. Onuň ýapraklarynyň uzynlygy 5 santimetr insiz ýada süýnmek şekilli, diş–diş görnüşde bolup, ýylboýy özüniň goýy ýaşyl reňkini saklaýar. Onuň baldaklary selçeň, uzyn tikenler bilen örtülendir. Owunjak, ýakymly ysly, ak reňkli gülleri galkanjyk şekilli gül toplumyny emele getirýär. Gülleýän döwri ýazyň ahyryna gabat gelýär. Güli juda gür bolýar. Onuň ýapraklaryny agymtyl–gülgüne güllerden emele gelen bulutjagazlary bilen bütinleý gizleýär.

Iýmiş görnüşli gyzyl miweleri  gurluşy boýunça çigitlilere degişlidir. Onuň miwesinde sary reňkiň dürli öwüşginleri bolýar. Ajymtyk tagamlydygy sebäpli olar iýilmeýär.

Iýmişler gözi gamaşdyryjy owadan reňkini güýzüň birinji günlerinde alýar we köp guşlary özüne çekip, gyş gutarýança şol reňkini saklaýar. Pirakanta ýumşak klimatly, dekoratiw agaçlar oturdylan ýerlerde örän gowy ösýär. Onuň boýy 5 metre–de ýetip bilýär. Pirakanta urugy dürli şekilli gyrymsy agaçlaryň 7 görnüşini özünde jemleýär. Olardan 2 sany inçe ýaprakly hem-de açyk gyzyl görnüşleri bagbançylykda has meşhurdyr.

Pirakantany tohumyndan, ýaşyl baldaklaryndan ösdürip ýetişdirip bolýar. Tohumyndan ösdürip ýetişdirmek üçin pirakantany gyşa golaý  ekmeli. Tohumyndan ösdürip ýetişdirilende sortuň häsiýetleri saklanyp galmaýar. Şonuň üçin bu usul tebigy görnüşleri ösdürip ýetişdirmekde ulanylýar. Pirakanta pudalanda kesilip alnan baldaklaryny çybyk hökmünde peýdalanmak bolar. Çybyklaryndan köpeltmek onuň ýokary dekoratiw sortlaryny, ata-enelik aýratynlyklaryny ýitirmän ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Bu ösümlik biziň ýurdumyzda-da giňden ösdürilip ýetişdirilýän dekoratiw görnüş hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu bezeg ösümligini görmek mümkin.

Şazada HUDAÝKULOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu