
Biz her günde telefonda birnäçe gezek «Allo» sözüni ulanýarys. Hakykatda bolsa, bu söz bir gyzyň gysgaldylan adydyr. Gyzyň doly ady Allessandra Lolita Oswaldodyr. Ol telefony oýlap tapan A.Graham Belliň söýgülisidir.
Graham Bell telefony oýlap tapandan soň, ony ilki bilen söýgülisiniň öýüne çekipdir. Iş ýerinde telefon jyrlanda jaň edýäniň Allessandra Lolita Oswaldodan başgasy bolmajagyny bilýändigi üçin Graham Bell telefonyň turubkasyny galdyryp: «Allessandra Lolita Oswaldo» diýýär eken. Bell eslije wagt geçenden soň söýýän gyzynyň adyny gysgaldyp jogap bermäne başlapdyr we her gezek jaň gelende «Ale Lolos» diýip başlapdyr. Graham Bell işleri köpeldigiçe söýgülisiniň adyny hasam gysgaltmaly bolupdyr. Bu gysga at «Allo» bolupdyr.
Allessandra Lolita Oswaldo Graham Belliň bütin şähere telefony ýaýratjak bolup özüne wagt aýyrmaýany üçin birahat bolup başlapdyr we ony terk edipdir. Bell söýgülisiniň haçanam bolsa ýene özüne jaň eder umydy bilen telefonyň ýanyndan aýrylmandyr. Soň-soňlar şäherde telefon ulanýan müşderileriň sany köpelip başlapdyr. Graham Bellä başga adamlaram jaň edip başlapdyr. Ol her gezek gelýän jaňa jogap berende, söýgülisidir diýen umyt bilen «Allo» diýip alýan eken.
Ine, şondan soň telefon ussalarynyň köpüsi jaň gelende Aleksandr Graham Belliň hormaty üçin «Allo» diýip başlapdyrlar. Bu gün hemmämiziň ulanýan «Allo» sözümiz şeýle taryh bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.