
Täze ýyl baýramynyň täsirli günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitler barada oýlanmagyň özi bagtlylykdan nyşan. Eziz Diýarymyzyň 2024-nji ― «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy ― sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek bolsa has-da ýakymly.
2024-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň türgenleriniň gazanan üstünlikleri hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Biziň sport mekdebimizde ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanyp, dürli derejeli sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Asylly däbe görä, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli sporty ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri welaýat, döwlet we halkara derejelerinde örän ýokary netijeleri görkezip, umumylykda 480-den gowrak medal gazandylar. Has takygy, welaýat derejesinde geçirilen sport ýaryşlarynda türgenlerimiz 126 sany altyn medal, 106 sany kümüş medal, 154 sany bürünç medal, döwlet derejesinde bolsa 15 sany altyn, 17 sany kümüş, 29 sany bürünç medal gazandylar.
Sporty we bedenterbiýäni hemra edinen türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynda hem üstünlikli çykyş edip, dürli medallara mynasyp boldular. Şunda altyn medallaryň 15-si, kümüş medallaryň 4-si, şeýle hem bürünç medallaryň 12-si gazanyldy. Bu görkezijiler ýurdumyzda sport bilen işjeň meşgullanmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendigini görkezmek bilen, biziň tälimçilerimiziň yhlasly zähmetiniň netijelidigini tassyklap, sport mekdebimiziň hem abraýyny belende göterýär.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylda döwlet we halkara derejesinde guralan sport ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenlerimize goýulýan hormat-sarpa örän uludyr. Şol bir wagtda, munuň özi ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň alamatydyr. Goý, şeýle uly ýeňişler täze ― 2025-nji ýylda hem dowamat-dowam bolsun!
Atajan HYDYROW,
Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň müdiri.