
Ýagyş ýagsa
Ýagyş ýagsa hezil, onsoň şol gije,
Diňe gyzlar hakda görülýär düýşler.
Ýagyş ýagsa hezil, ýeňleýär az-kem
ýüzün ýere salyp oturan asman.
Eliň işe barmaz, ýöne barybir,
Öňküden has köpräk işläsiň gelýär.
Emma nämeden başlajagyňy bileňok.
Şol gün duýgularyň agzyn ýel alyp
Goşgular gapyňda durýar nobata.
Biynjalyk edenok aladalaryň,
Olar seni öz günüňe goýýarlar.
Ýagyş ýagsa hezil…
***
Şäher agşamy
Bu şäher howlukmaç, howlukmaç juda.
Geçýär her pursaty alada bile.
Öz işi özüne ýetik oň mydam,
Işsiz oturmaga degenok eli.
Ynha ýene gije.
Dükanlar gapysyn açyp uludan,
Ýylgyryşyp durlar köçä seredip.
Sebäp, agşamara işden soň her gün,
Söwda has gyzyşýar,
Harytly tekjeler ýeňleýär ençe.
Çatryk. Swetafor. Gyzyl ýanansoň,
Keýpiçag maşynlaň uzyn nobaty
Gözýetimiň gulagyndan asylyp
gygyrýar: bip… bi-ip… bi-p-p-p…
Eýýäm kafelerde, restoranlarda
boş ýer ýok, mähelle eňipdir, bar ýer
şatlyk, şowhun, gülki.
Şäher. Ýene gije…
***
Durmuşa ýüzlenme
Sen menden hiç zady gizlejek bolma,
Ýa gorkma hiç haçan gark bolarymdan.
Ýeňilmen, bu hakda pikirem etme.
Arzuwlam goş basyp ýatmaz içimde.
Ýüzmegi öwrendim däli Jeýhunyň
Gaýnap duran tolkunlarnyň içinde.
Göwnüm giň, gözlerim sähraň aşygy,
Men seňem aşygyň,
Şoň üçin şatlygyň hem seniň derdiň
Göterşerin mydam eginlerimde.
Gel, çekinme menden…
Ýöne haýyşym –
Sen epmeseň bolýar galamymyň bilin.
***
Ümsümlik
Gije. Dymyk howa. Bu düşbi baglar
bir-birniň egnine kellesin goýup
otyr arkasyny öwürip bize.
Ümsümlik. Ümsümlik, ine, birdenem,
Gözlerin tegeläp, dodagyn dişläp,
Oý-pikire çümen bu goja dünýäň
Bir demde ünsüni sowup, sowadyp
Utanjaň şemalyň ýüzi gyzardy.
Ýyldyzlar gijäniň maňlaý deri deý,
Üfleseň başaşak gaýtjak üstüňe.
Äpet ilik ýaly tes-tegelek Aý
Birleşdirip asman bilen zemini
Ýapyp otyr gözýetimiň ýakasyn.
Ümsümlik. Bar ýer gije.
Ol duran bolsa, Söýgi.
Ine-de biz.
Enwer NYZAMOW.