Habarlar

2025-nji ýylyň şygary we nyşany kabul edildi

29-12-2024 / 502

Bu baradaky degişli çözgüt 27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi.

2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu